logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ŞEMAL NÄDIP TOLKUNLARY DÖREDÝÄR?
  15.03.2022
1589
ŞEMAL NÄDIP TOLKUNLARY DÖREDÝÄR?

Geliň energiýanyň suwdan geçip kenarlara şekil berşini öwreneliň. Okeanlardaky tolkunlar suwy bir ýerden beýleki ýere süýşürýän ýaly görnüp biler, emma bu beýle däl. Aslynda suw süýşenok, ol aýlanýar. Netijede, onuň başlaýan we gutarýan ýeri bir bolýar. Ýöne tolkunlar hakykatdanam bir zady süýşürýär, ýagny ol şemaldan gelýän energiýany süýşürýär. Tolkunlar bu energiýany tä kenara degýänçä ähli tarapa kilometrlerçe süýşürip bilýärler.

  • Energiýanyň geçişi. Energiýa batly gelýän şemaldan suwuň ýüzüne degip, suwuň kiçijik bölekleriniň aýlanmagyna sebäp bolýar.
  • Şemal. Şemal suwuň ýüzüne sürtülip, suwuň dowamly aýlanmagyny üpjün edýär.
  • Suwuň aýlanmagy. Suw aýlanmagyny dowam edip, öz kinetik energiýasyny dürli taraplara ýaýradýar.
  • Suwuň içinde. Bu energiýa dikligine suwuň düýbüne çenli barýar.
  • Saý ýerlerde. Çuň ýerlerden gelen energiýa, saý ýerlere ýetende gysylyp, suwuň has ýokary galmagyna sebäp bolýar.
  • Netijede. Soňunda energiýa has gysylyp, balansdan çykýar we tolkun emele gelýär.

Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.