Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sazlaşykly ösüş ýoluna düşen kuwwatly pudak
  13.05.2023
553
Sazlaşykly ösüş ýoluna düşen kuwwatly pudak

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda döredijilikli, kuwwatly ykdysady ösüş ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri guwandyryjy hakykatdyr. Ähli ugurlar babatda ýola goýulýan işler döwletli döwrümizi bagtyýarlyga atarýar. Toplumyň ösdürilmegine «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» uly ähmiýet berilýär. Ähli künjeklerde häzirki döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelýän täze, döwrebap obalar gurulýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, Arkadag şäheriniň batly depginlerde dowam edýän gurluşyklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ekologik taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, ýokary hilli önümleriň önümçiligi we onuň halkara ülňüleriň talaplaryna doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň ösüşini üpjün edýär. Häzirki wagtda kuwwatly önümçilik düzüminiň döredilmegi, ýerli çig mal serişdeleriniň we tebigy baýlyklaryň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberiniň artdyrylmagy esasy ugurdyr. Ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna gurluşyk-senagat, ýangyç-energetika, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösdürilmegine, pudaga häzirki zaman enjamlary, täze tehnikalary, hyzmatlary ornaşdyrmaklyk giň gerime eýe bolýar. Pudaga häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar, şeýle-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmakda hem-de iri taslamalary amala aşyrmakda möhüm çärelere badalga berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk-senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan uly işler döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Eziz ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligi artýar. Munuň özi, senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmekligiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň barha artmagyny we ýerli çig mal serişdeleriniň binýadynda onuň önümçiliginiň ösdürilmegini talap edýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi dünýä ylmynyň we ösen tejribesiniň gazananlaryna laýyklykda senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýakyn geljekde ajaýyp hem döwrebap keşbe eýe boljakdygyny äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli iri taslamalar amala aşyrylýar. Hususy pudagyň ösdürilmegine uly üns berilmegi bilen, telekeçilik işi gurluşyk senagatynda hem pajarlap ösýär. «Akylly» şäher we «akylly» öý taslamalaryny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalary netijeli ulanmak ýaly täzeçil usullar möhüm wezipe hökmünde kesgitlenen. Bu konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi durmuş ulgamyna dolandyryşyň sanly, robotlaşdyrylan we intellektual mümkinçilikleri girizmäge esas berýär. Şeýle belent başlangyçlaryň, döwletli tutumlaryň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir!

 

Berdi MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.