logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Sazlaşykly ösüş ugrunda
  07.06.2023
1153
Sazlaşykly ösüş ugrunda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde daşary ýurt dillerini öwretmegiň iň täze usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilýändigini belläsimiz gelýär. Esasan hem, dil öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmek, teoretiki we amaly esaslary, öwretmegiň çäginde bir dili deňeşdirip öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere garalýan ylmy maslahatlara yzygiderli gatnaşyp durýarys.

Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sözlük goruny giňeltmek, söz düzümlerini we sözlemleri amaly öwretmek boýunça adaty türgenleşmelerden başga-da, her bir öwrenilýän tema degişli hereketli gökezmelerden (animasiýalardan), hereketli oýunlardan, dürli didaktik maglumatlardan peýdalanmak, sapakda öwrenijiniň hereketlerini has işjeňleşdirmek, mugallymyň işjeňliginden öwrenijiniň işjeňligini artdyrmak görnüşine geçilmegi daşary ýurt dillerini öwretmekdäki täze usulyýetleriň esaslarydyr.

Bizi ösüşleriň şa ýolundan bedew bady bilen öňe alyp barýan, bu röwşen ýollarda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy aman bolsun!

 

Güller JORAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.