logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sarahs etrabynda ýaşlaryň ösüşine bagyşlanan pikir alyşma maslahaty geçirildi
  05.08.2023
1243
Sarahs etrabynda ýaşlaryň ösüşine bagyşlanan pikir alyşma maslahaty geçirildi

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly ýaşlaryň ösüşine bagyşlanan pikir alyşma maslahaty geçirildi.

 

Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Kakageldi Akmyradow we Akmyrat Geldiýewiň çykyş etmeginde “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” we “Özüňe bolan ynam” atly temalar boýunça ýaşlar bilen gyzykly sorag- jogap alyşyldy.

 

Ýaşlara bagyşlanan bu erkin pikir alyşma maslahatynyň diňleýjileri mekdep okuwçylary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri boldylar.

 

Maslahatda ýaşlaryň geljekde tejribeli, öz hünärine ussat adamlar bolup ýetişmegi we hünär saýlamakda gabat gelýän kynçylyklary nähili ýeňip geçmekligi dogrusynda pikir alyşdylar.

 

 Erkin pikir alyşma maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de Sarahs etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň guramagynda geçirildi.