Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ykdysadyýetimiz rowaçly menzillerde
  30.03.2023
1009
Sanly ykdysadyýetimiz rowaçly menzillerde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgerişler bilen kuwwatlanýan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmegiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikleri şertlendirýär. Çünki döwrüň zerur talaby bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirýär. Munuň özi bolsa IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri açýar. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan ösen döwletimizde dünýäniň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilýär, täze ylmy açyşlaryň ençemesi önümçilige netijeli ýagdaýda ornaşdyrylýar, bu bolsa innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge şert döredýär. Aslynda, sanly ykdysadyýet diýmekligiň özi ähli pudaklarda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internet torlaryny, maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryny, kompýuterleri, akylly enjamlary we beýleki gurluşlary peýdalanyp, ösüşleri gazanmak diýmekdir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegini talap edýändigini hem bellemek gerek. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ýaýbaňlandyrylmagy sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna we maglumat tehnologiýalarynyň bu babatda tutýan ornunyň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Netijede häzirki bazar ykdysadyýeti şertlerinde esasy gymmatlyk saýylýan wagt hem tygşytlanýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ykdysadyýet üçin binýatlyk işleriň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» döwrebap kanunçylyk binýadynyň we kepillikleriň döredilmegi, sanly ulgamy doly ornaşdyrmak ýaly anyk wezipeler ylmyň iň täze gazananlaryny hem-de innowasiýalary milli ykdysadyýetimize batly depginlerde ornaşdyrmaga goltgy berýär. Sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, elektron senagatyny ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, elektron resminamalar dolanyşygyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipeleri hem ileri tutulýar. Bu möhüm wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny, bu ugurda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Şunda ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli, hemmetaraplaýyn bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelmegine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgeleri, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ugur edinýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak babatda bitirilen beýik işler köňüllerde soňsuz buýsanjy goşalandyrýar. Şeýle döwrebap hem ajaýyp zamanada berkarar Watanymyzy bilimiň, ylmyň we sanly ulgamyň soňky gazananlarynyň esasynda uly ösüşlere besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli alyp barýan belent maksatly tutumlarynda üstünlikler hemişe ýar bolsun! 

 

Maýa JÜMMIÝEWA,

Baýramaly agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.