Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ykdysadyýet we ýaşlar
  03.04.2023
752
Sanly ykdysadyýet we ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, bu ugurda amal edilýän başlangyçlar häzirki döwürde öňde duran wezipeleriň düýp esaslaryna göz ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu möhüm wezipeleriň, asylly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy geljegiň täze belentliklerine badalga boljakdygy ikuçsuzdyr. Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek we innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň biridir. Bulary amala aşyrmak üçin ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak zerurdyr. Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga hem-de geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwür sanly ulgamyň, maglumat kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan kämil döwri bolup, şoňa görä-de, ykdysady ösüşi yzygiderli ýola goýmak, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ähli pudaga doly ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Bu bolsa elektron senagaty ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalar arkaly elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňetmek wezipelerini ileri tutýar. Bu hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegini, milli IT-hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilmegi netijesinde ýaşlaryň dünýäniň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döredilýär, ýurdumyzda bilim berlişiniň hili halkara derejesine çykýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde öňde uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzda oňyn üstünlikleriň gazanylmagy, täze sepgitlere ýetilmegi ata Watanymyza bolan belent buýsanjymyzy has-da artdyrýar, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň biz üçin edýän uly aladalaryna jogap edip, yhlasly okamaklyga, döredijilikli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar. 

 

Röwşen TOÝLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.