logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti
  04.04.2024
1016
Sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti

Ýurdumyzda alynyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem, häzirki wagtda tehnika-tehnologiýalardan baş çykarýan ylymly, bilimli kämil ýaşlary ösdürip ýetişdirmekdir. Bu ugurda alnyp barylýan işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.


 

Sanly ulgamyň ösmegi bilen sanly bilim ulgamyna zerurlyk barha artýar. Sanly bilim ulgamynyň esasy wezipesi bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň, hem-de bu ugurda bilim alýan islendik adamyň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalardan baş alyp çykmagy, tehniki serişdelerden, maglumat gorlarynyň ulanylşyny talaba laýyk bilmekden, we bu ugurda olaryň hünär taýýarlygyny artdyrmakdan ybaratdyr.


 

Bu ugurda alnyp barylýan işlere mysal edip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy, sanly bilim portallarynyň hereket etmegi, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi we başgada birnäçe durmuşa geçirilýän işleri agzamak bolar.


 

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy girişden we dokuz bölümden ybaratdyr.

 

Gözel Mätiýewa,
Türkmen döwlet maliýe
institudynyň mugallymy.