logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /SANLY BILIM – NURANA GELJEGE BADALGA
  03.12.2022
1075
SANLY BILIM – NURANA GELJEGE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda döwlet syýasatynda aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan ähli desgalar dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylym-bilim işiniň guralyşy, berilýän bilimiň amaly ähmiýeti, bilim bermegiň usulyny kämilleşdirmekde kompýuter tehnologiýasynyň ornuny yzygider nygtaýar. Bu bolsa ýaşlarymyzyň  beýik ynama, kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, bagtyýarlykdan ruhlanyp öňe gitmeklerine ýol açýar. Kompýuter tehnologiýalarynyň ösüşi  şu  günki gün bilim ulgamynda esasy orunda durýar we maglumat tehnologiýalarynyň giň mümkinçiligi ony aýdyň subut edýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda maglumatlaryň ummany bolan internet ulgamy jemgyýetimiziň ähli derejelerinde öz hyzmatlaryny hödürleýär we üstünliklere, rowaçlyklara badalga berýär. Bilim ulgamyny hem kämilleşdirmekde, ony doly derejede sanlylaşdyrmakda, bilimleri ugurlar boýunça toplamakda internet ulgamynyň bölümlerini, web sahypalaryny döretmek döwletimizde öňe sürülýän maksatnamalaýyn syýasatdyr, ol bilim ulgamyny ösdürmegiň döwrebap ýol-ýörelgesidir. Şeýle-de bilim merkezlerinde, okuw jaýlarynda bilim portallaryny döretmeklik hem amal edilýär. 

Döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mekdep bosagasyndan ätlän çagalara kompýuterleriň sowgat berilmegi sanly bilim ulgamynyň binýadynyň döredilýändiginden habar berýär. Innowasion tehnologiýanyň we informatika serişdeleriniň ösmegi we ony ornaşdyrmaklyk ýaş nesliň jemgyýetde öz ornuny tapmaklaryna, aň-düşünjesiniň kämilleşmegine şert döredýär. Maglumat tehnologiýalaryny ulanyp, bilim ulgamynda ýokary hilli multimedialy elektron okuw kitaplaryny döretmeklik işi hem batly depgin bilen rowaçlandyrylýar.  Çünki elektron okuw kitabynyň ulanmaklygyň göwrümi örän giňdir. Bilimiňi artdyrmakda, uzak aralykdan okuwlary alyp barmakda, ýörite bilimiňi artdyrmakda elektron okuw kitabyny ulanmaklyk maksada laýykdyr. Elektron okuw kitaby özünde multimedia önümlerini saklamak bilen talyplaryň we okuwçylaryň özbaşdak işjeňligini artdyrýar. Umuman, geljekki ösüşlerimiz döwrüň kämil tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly bolup, sanly ulgamyň köptaraplaýyn şertlerinden peýdalanmaklyk üstünlige ýetmegiň aýdyň ýoluny emele getirýär. Bular bilen bir hatarda türkmen ylmyny ösdürmekde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara ylmy tejribeler alşylyp, halkara hyzmatdaşlygy günsaýyn berkidilýär. Şeýle bilim özgertmeleriniň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 

 

Gunça NAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Ösümlikçilik
kafedrasynyň mugallymy.