Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim – kämil binýat
  12.06.2023
867
Sanly bilim – kämil binýat

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde bilim ulgamy belent sepgitli ýeňişlere eýe bolýar. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, sanly bilimiň mümkinçilikleri içgin ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalar ulgamyň ähli düzümlerinde hereket edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biri hem bu pudakda sanly ulgamy has-da ösdürmek bilen bagly bolup durýar. Eziz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, sanly düzümleri ösdürmekde ýaşlaryň ylmy açyşlary, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik gözlegleri möhüm ähmiýete eýedir. IT-tehnologiýalara esaslanan sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge we onuň arkaly bilim ulgamyny ösdürmeklige, ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmeklige gönükdirilen çäreler giň goldaw tapýar. Bulardan başga-da inžener-tehnologik işi üçin zerur bolan programma üpjünçiligini döretmek işiniň işjeň­leşdirilmegine şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň ýolunda döwletimizi dünýäniň iri, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaklygyň nusgalyk ýörelgesini alyp barýar. Bu babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen utgaşdyrylýar. Öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen ýetmekde sanly ulgamy kämilleşdirmek örän möhüm bolup, onuň özenini berkden tutmak esasy görkeziji bolup çykyş edýär. Bu bolsa öz hünäri boýunça ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny üpjün etmek wajyp wezipe hökmünde şertlendirilendir. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamyna doly geçmek boýunça işler giň gerimde ýola goýulýar. Bagtyýar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Nurana MÄMMETNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.