logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Health /SAGLYK BARADA JÜMLELER
  07.10.2022
4577
SAGLYK BARADA JÜMLELER

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň  «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip nesihat edişi ýaly, gadym döwürlerden bäri adamzat baş saglygyň naýbaşy baýlykdygyna düşünipdir we bu baradaky pikirleri atalar sözlerine, nakyllara siňdiripdir. Alymlar, filosoflar, lukmanlar saglyk, ony goramak, berkitmek baradaky pikirlerini, maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini parasatly jümleler arkaly beýan edip nesillere geçiripdirler. Şunuň bilen baglylykda, dünýä halklarynyň wekilleriniň tejribesi, pähim-paýhasy bilen ýugrulan jümlelerini size ýetirmegi makul bildik:

«Seniň saglygyň – bu arassa howa, suw we iýmit. Şatlyk bilen oýan, ýylgyryp uka git. Sen şatlanýaň, ýylgyrýaň, diýmek, sen sagdyn. Keseli bejerme, durmuşyňy sazla, tebigatyň we pähim-parasatlylygyň kanuny boýunça ýaşa. Saglyk bolmasa pähimlilik dymýar, sungat gülläp bilmeýär, kuwwatlylyk ýalkym saçmaýar, baýlyk peýdasyz, parasatlylyk güýçsüz bolýar» Gerodot.

*  *  *


«Beden maşklary lukmançylygyň şypa beriji bölegidir» Platon.

*  *  * 


«Sagdyn wagtyň ylgamasaň, syrkawlansoň ylgamaly bolarsyň» Gorasiý. 

*  *  *

«Beden maşklary köp dürli dermanlaryň ornuny tutup biler, emma dünýädäki hiç bir derman beden maşklarynyň ornuny tutup bilmez» Anjelo Mosso.

*  *  * 


«Hiç hili artykmaç zat ýok. Ir ýatmak, ir turmak – adamyň sagdyn, baý we akylly bolmagynyň şerti» Benjamin Franklin.

*  *  *


«Saglyk – diňe bir güýjüňi, wagtyňy, zähmetiňi däl, eýsem durmuşyň bir bölegini sarp etmeklige mynasyp bolan ýeke-täk baýlykdyr» Mişel de Monten. 

*  *  *


«Hemişe bir zat bilen meşgul boluň. Bu dünýädäki iň arzan we netijeli dermandyr» Deýl Karnegi.

*  *  *


«Ruhy berkligiňi goramak üçin beden berkligiňi saklamak gerekdir» Wiktor Gýugo.

*  *  *

«Lukmanlar keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly» Nikolaý Amosow.

 

Sähra ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.