logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Saglyk-bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk
  22.08.2021
890
Saglyk-bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk

Pajarlap ösýän eziz watanymyzda adam saglygyny gorap saklamak barada aladalar gün-günden ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň adam saglygyny gorap saklamak barada durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde bimöçber  alada edilýändigi, adam saglygynyň ýokary derejelerinde saklanýandygyna, ýaşlarymyzyň geljekde sagdyn bedenli, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn bedenli sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga, tokaý zolagyna öwürmek hakynda 2030-njy ýyla çenli milli maksatnama kabul edildi. Ýurdumyzyň döwre laýyk gelýän ýaşlarymyz üçin sport toplumlaryny, çagalar bagyny, saglygy goraýyş edaralary açyp ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhas ummanyndan syzylyp çykan “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda “Saglygym-baş baýlygym” atly jümlesinde  nygtalşy ýaly saglykdan özge baýlygyň ýokdygy aýdylýar. Diýarymyzda adam saglygyna çaga dünýä inen güninden başlanýar, şonuň ýaly-da häzirki wagtda çaga eneden dünýä inende sagdyn nesil kemala getirmek barada ene mähri hassahanalar açylyp ulanylmaga berilip, döwletimiz tarapyndan bimöçber aladalar edilýär. Häzirki wagtda hem Bütindünýä saglygy goraýyş federasiýasy tarapyndan yglan edilen bütindünýä  gigiýenasyny gorap saklamak barada dünýä ýüzünde ýüze çykan içki sowuklama keseli garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda hem öýken sowuklama keseline garşy goranyş işleri alnyp barylýar. Saglygy goraýyş edaralarymyz tarapyndan keseliň öňüni alynyşy barada yzygiderli ýagdaýda birnäçe maglumatlar halkymyza ýetirilýär. Olardan esasy adamynyň özüne ýagny şahsy gigiýenasy şeýle-de bütindünýä gigiýenasyny gorap saklamak daşky gurşawymyzyň arassaçylygyny berjaý etmek her bir ynsanyň paýyna düşýär. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä öýken sowuklama keseliň howa ýollary arkaly ýaýraýyş esasan köp duş gelýän görnüşleri hem dem alyş ýollarynyň üsti bilen şeýle-de agyz boşlugy arkaly ýaýrap bilýär. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä şahsy gigiýanany arassaçylygy doly berjaý etmek barada birnäçe maslahatlary berýär olardan naharlanmazyňdan öň elleriňi ýuwujy serişdeler bilen ýuwmaklyk, naharlanýan wagtyňda gök-bakja ekinlerini köp mukdarda özüňe kabul etmeklik, imultediňi ýokarlandyrmak keseliň öňünde duryjylygyňy güýçlendirmek, nahar iýlenden soňra gap-gaçlary ýuwujy serişdeler bilen gowy arassalamaklyk, ýygy-ýygydan elleri ýuwujy serişdeler bilen ýuwmaklyk maslahat berilýär. Eger-de özüňizde sowuklama, kelle agyry, üsgülewik ýaly alamatlar ýüze çykan ýagdaýynda haýal etmän öz maşgala ýagdaýlaryňyza lukmançylyk ýerine ýüz tutyň.