Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglygymyzy goralyň!
  16.04.2022
521
Saglygymyzy goralyň!

Her paslyň öz gözelligi bar. Şonuň ýaly-da, her paslyň ynsan saglygyna täsir edişi hem üýtgeşik. Dürli keselleriň ýüze çykmazlygy üçin pasla görä geýinmek, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, sagdyn iýmitlenmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmek hökmanydyr. Janymyz sagatka arassa howada gezelenç etmek we bedenimizi dürli ýollar bilen berkitmek, taplamak wajypdyr.

Dem alyş ýollarynyň kesellerinden goranmagyň iň aňsat hem netijeli usuly — ellerimizi, bedenimiziň açyk ýerlerini tiz-tizden ýyly suw bilen sabynlap ýuwmakdyr, sebäbi ýokanç keselleriň köpüsiniň galtaşmak arkaly geçýändigini ýatda saklaň. Bakteriýalar, wiruslar, adatça, telefonlar, gapy tutawaçlary we beýleki hojalyk enjamlary arkaly öz hereketini dowam etdirýärler. Şonuň üçin jemgyýetçilik ýerlerinde bolanyňyzdan soň, eliňizi ýyly suw bilen sabynlap ýuwmak maslahat berilýär. Üsgüreniňizde elýaglyk, çygly süpürgiç bilen agzyňyzy örtüň. Şeýtmek bilen, siz töweregiňizdäkileriň hem saglygyny gorarsyňyz.

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriniň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly, ýörite sanjym almakdyr. Öňüni alyş maksady bilen, burnuňyza «Oksolin» melhemini çalyň.

Gök onümleri, miweleri köpräk iýmeli. Ýöne iýmezden öň olary gowy ýuwmaly. Naharlananyňyzda ter sogany we sarymsagy ulanyň. Olardaky fitonsidler mikroblaryň köp görnüşinden goraýar. Olaryň suwuny burnuňa damdyrsaň, dem alyş ýollaryny açýar. Gyzyl burçly unaş hem ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary içmeli. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda üzärligiň bejerijilik ähmiýeti hem uludyr. Üzärlik keseliň öňüni alyjy, bejeriji häsiýete eýe bolup, howadaky kesel ýaýradyjylary we göze görünmeýän howplary ýok edýär. Bu dermanlyk ösümlik möwsümleýin döreýän birnäçe keselleriň öňüni almakda, agyryny aýyrmakda, sowuklamada peýdalydyr hem-de adamyň immun ulgamynyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Üzärligiň tüssesi arassalaýjy, rahatlandyryjy, goraýjy häsiýete eýedir. Bu täsin otuň tüssesinden çykýan ys örän ýaramly bolup, jana hoş ýakýar, bedeni gowşadýar, saglyk, göwnühoşluk, rahatlyk berýär. Bu oty tütetmek bilen, otaglaryň howasy arassalanýar we owunjak kesel döredijilerden saplanyp bolýar.

Saglygymyzy goralyň, çünki ynsan saglygy iň uly baýlykdyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.