logo

Latest news:
✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦
Home / Health /Saglygym baş baýlygym
  21.12.2025
575
Saglygym baş baýlygym

Durmuşdaky iň gymmatly baýlygyň maddy däl-de, ruhy we fiziki saglykdygy hemmä mälim hakykatdyr. “Saglygym baş baýlygym” diýen düşünje diňe bir halk içinde aýdylýan ýörelge bolman, eýsem her bir adamyň durmuş ýörelgesine öwrülmeli gymmatlykdyr. Sebäbi saglyk bar ýerinde zähmet, ösüş we abadançylyk bar.


Saglyk adamyň işjeňligini, ýaşaýşa bolan höwesini we döredijilik mümkinçiliklerini kesgitleýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak diňe bir şahsy saglygy däl, eýsem jemgyýetiň umumy saglyk derejesini hem ýokarlandyrýar. Bu bolsa ykdysady we sosial ösüşiň möhüm şertleriniň biridir.
 

Häzirki döwürde saglygy goramak ulgamy diňe bir keselleri bejermek bilen çäklenmän, olaryň öňüni almaga hem aýratyn ähmiýet berýär. Wagtynda geçirilen lukmançylyk barlaglary, sagdyn durmuş baradaky düşündiriş işleri we öňüni alyş çäreleri adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
 

Saglyk bilen baglanyşykly medeniýetiň jemgyýetde kemala gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ilatyň saglyk baradaky düşünjesiniň ýokarlanmagy ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan berk bolup kemala gelmegine şert döredýär. Şeýle jemgyýet bolsa ösüşe, täze maksatlara we döredijilikli zähmete has taýýarlykly bolýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ilatyň saglygyny goramak we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli işleri alyp barýar. Döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegi, sanly saglyk hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagy bu ulgamda gazanylýan möhüm netijeleriň hataryndadyr. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keselleriň öňüni almak we lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak arkaly ýurduň saglyk ulgamy ilatyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerini yzygiderli dowam etdirýär. “Saglygym baş baýlygym” diýen ýörelge her bir adamyň gündelik durmuşynda ýol görkeziji bolmalydyr.

Abat Amanklyçew,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.