logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Health /SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM
  01.06.2022
1378
SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM

   Her ýylyň  iýun aýynyň ilkinji çarşenbesi Saglygy goramak maksady bilen geçirilýän iň ajaýyp baýramçylyklaryň biri bolan Bütindünýä ylgaw güni uludan bellenilýär. Ähli ýurduň sport we ýeňil atletika jemgiýeti tarapyndan we daşary ýurt Ählihalk Bileleşiginiň hödürlemeginde yglan edilen bu baýramçylygyň watany ABŞ hasaplanýar. Ilkinji gezek 2009-njy ýylda ABŞ-da bu gün Start(başlangyç) baýramçylyk diýlip yglan edildi we 1016-njy ýyldan başlap Bütindünýä (global) ylgaw güni diýlip atlandyryldy. Elýeterlilik we ýönekeýlik millionlarça adamlaryň arasynda şeýle meşhur we giňden ýaýran sportyň döremegine mümkinçilik döretdi. Ilkinji gezek 2016-njy ýylda  Ylgaw güni mynasybetli bellenilen baýramçylyk halkara derejesinde geçirildi, bir ýyl soň bolsa  dünýäniň 170-den gowrak ýurdundan gatnaşyjylar  ýygnady we iň uly sport ýaryşlarynyň birine öwrüldi. Bu ýaryşlara islendik bir höwesjeň  tölegsiz ýagdaýda gatnaşyp biler.Ylgawyň ähli gatnaşyjylary her ýyl geçirilýän we Bütindünýä ylgaw günine bagyşlanan FLEŞ-MOBA  gatnaşmaga, şeýle hem ýaryşdan alnan suratlary internede ýerleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Bu baýramçylygyň esasy düýpli maksady bütin dünýäde ylgamaklygy gowy görýän adamlary birleşdirmekdir.
   Bu gün Durmuşyň gadryny bilýän we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän her bir adam bu baýramçylyga goşulyp biler. Her bir sportçy türgenler – adamlary  belli bir düzgünleri berjaý etmek, şeýle hem adamyň aýratynlyklaryny, beden ýagdaýlaryny göz öňünde tutup ,,Ylgamak diňe bir peýdany we şatlygy getirip biler ,gaharly ýadawlyklary aýyrýar’’ diýen ýaly sapaklara gatnaşmaga höweslendirýär.

Oguljemal BATYROWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby