logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn nesil üçin dowamly alada edilýär
  20.03.2025
904
Sagdyn nesil üçin dowamly alada edilýär

Pediatriýa – bu çagalaryň saglygyny goramak, keselleri anyklamak we bejermek bilen meşgullanýan lukmançylyk ugry bolup, nesillerimizi sagdyn kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Her bir çaganyň beden we ruhy saglygy jemgyýetiň geljegini kesgitleýär.


Ýurdumyzda "Saglyk" Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyna uly üns berlip, döwrebap lukmançylyk edaralary gurlup, ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek ugrundaky işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda bina edilýän Halkara pediatriýa merkezi hem çagalaryň saglygyny goramakda ähli zerur şertleri öz içine alýan lukmançylyk edarasydyr.


Bu merkez çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly dürli ugurlary öz içine alyp, iň kämil enjamlar bilen üpjün ediler. Lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagynda täze tehnologiýalar, hususan-da, emeli aň bilen dolandyrylýan ulgamlara üns berilýär. Bu bolsa keselleri gysga wagtyň içinde anyklamaga we dogry bejergini alyp barmaga mümkinçilik döredýär.

Pediatriýa merkezinde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa we çaga kesellerini anyklamagyň we bejermekligiň häzirki zaman usullary ulanylar. Bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylyp, halkara täjiribesi bilen baýlaşdyrylýar. Mundan başga-da, barlaghana bölümlerinde çagalarda duş gelýän islendik keseli anyklamak üçin iň kämil enjamlar ulanylar.


Hassahanalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek we çagalaryň saglygyny goramak ünsi çekilýän meseleleriň biri bolup durýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek we çagalary bu ugra giňden çekmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň özi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň geljegine oňyn täsirini ýetirýär.


Pediatriýa merkezi diňe bir döwrebap saglygy goraýyş desgasyna öwrülmek bilen çäklenmän, milli saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini hem üpjün edýär. Çagalara edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejesi geljek nesillerimizi sagdyn kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler, ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak we döwrebap bejergi usullaryny ornaşdyrmak bilen dowam etdirilýär. Halkara pediatriýa merkezini 2026-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

 

Aýnur BAÝRAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital
pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.