logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Nature /«Sabyn» agajy
  08.05.2023
1165
«Sabyn» agajy

Karl Linneý özüniň eden syýahatlarynda Hindistana baryp «Sapindus saponaria» agajynyň miwelerini peýdalanyp, onda sabyna meňzeş alamatlarynyň bardygyna göz ýetirdi. Karl Linneýiň maglumatlaryna esaslanyp, häzirki zaman ylmynda bu agajyň ady latynçadan, «sapo» - sabyn, «indiçus» - Indiýa, iki  söziň birikmesinden emele gelip «hindi sabyny» diýmekligi aňladýar. Kä ýagdaýlarda  bu agaç «Sübse şekilli kelreýter» diýip hem atlandyrylýar. Bu maşgala degişli agaçlaryň gabygynda saponin maddasy saklanýar.

Sabyn agajy hemişe ýaşyl öwüsýän, ýapragyny düşürýän agaçlara degişlidir. Ýapraklary gapma-garşylykly  ýerleşip, onuň uzynlygy 15-40 sm-e ýetýär. Gülleri ownuk şeklinde. Miweleriniň diametri 1,5 sm, bir sany miwe 3-den gowrak tohum saklaýar. Miwesiniň ýumşak ýeri 30-dan gowrak saponin maddasyny saklaýar. Onuň miweleri  käbir ýerlerde «Sabyn hozy» ýa-da «Sabyn iýmişi» diýlip atlandyrylýar.

Sabyn agajy diýilmeginiň esasy sebäbi agaç miweleri suwa ezilende suw köpürjikleýär we onuň köpürjiklemegi hem düzümindäki saponin maddasy bilen baglanyşyklydyr. Emma bu madda suwuň üsti bilen balyklara we mör-möjekleriň bedenine düşende ölüm howpludyr.

Amerikada we Aziýada ençeme asyrlap ösümligiň miweleri matalary we egin-eşikleri ýuwanda tebigy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelnipdir. Häzirki wagtda zawod kosmetika we ekologiýa taýdan arassalaýjy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Käbir görnüşli miwelerinden kir ýuwmak üçin sodalar hem taýýarlanýar.

Sabyn agajynyň miweleriniň beýleki ýuwujy serişdelerinden tapawudy eşiklerde yz galdyrmaýar,  eşikleriň reňkini saklaýar we gipoallergen häsiýete eýe.

Häzirki wagtda bu agaç Gara deňziniň kenar ýakalarynda, Kawkazda we Merkezi Aziýa ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Sabyn agajynyň 15-den gowrak görnüşleri belli edildi. Bu agaç häli şindi hojalyk ähmiýetli işlerde ulanylyp gelinýär. 

 

Gözel ALTYBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby.