logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Economics /Russiýa özüne degişli “Google Play” dükanyny açar
  28.03.2022
859
Russiýa özüne degişli “Google Play” dükanyny açar

Russiýa, internetde ýüze çykan käbir kynçylyklar sebäpli “Google Play”-e meňzeş täze “NashStore” atly internet dükanyny açar.

Rus programma döredijileri “NashStore” internet dükanyny entäk ulanyşa bermediler. Häzirki wagtda Bu hyzmatyň işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Rus programma döredijileriň aýtmagyna görä, “NashStore” internet dükany 9-njy maýda açylar we hyzmata başlar. Ýatladyp geçsek,  9-njy maý Russiýada uly baýramçylyk ýagny “Ýeňiş güni”. Täze açyljak internet dükanynyň rus halkyna şanly baýramçylyga uly sowgat bolar diýlip çaklanylýar.

Bu täze açyljak internet dükany barada “Digital Platforms”-yň direktory Wladimir Zykow öz beren beýanatynda “-“NashStore” internet dükany, rus programma döredijileriň has gowy platformalary we programmalary döredip, olary internet üsti bilen dünýä çykarmagyna ýene bir uly mümkinçilik bolar” – diýip belläp geçdi.

“NashStore” internet dükany terjime edilende “biziň dükanymyz” diýen manyny berýär. Programmany döredijileriň pikiriçe, bu hyzmat Russiýada hereket edýän diňe “Android” enjamlaryna hyzmat eder. Tölegli  programmalar üçin Russiýada ulanylýan “Mir bank” kartlary bilen hasaplaşygy amala aşyryp bolar.

Rüstem PÄLWANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.