logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Politics /Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
  19.06.2026
320
Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

18-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreski bilen duşuşygy boldy.

 

Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça pikir alşyldy. Toparyň işiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýänligi nygtaldy.

 

Iki ýurduň döwlet edaralarynyň arasynda saparlaryň guralmagyny hem öz içine almak bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ilerletmäge we ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan başlangyçlara gyzyklanma bildirildi.

 

Galyberse-de, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ulag, energetika, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy hem-de beýleki ugurlar boýunça ösdürilmegi dogrusynda pikir alşyldy. Işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, dürli saparlary guramak hem-de slowak kompaniýalarynyň Türkmenistanda geçirilýän sergilere we forumlara gatnaşmagy meselesine aýratyn üns çekildi.

 

Şeýle-de bilim we medeniýet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri dogrusynda bellenilip geçildi.

 

Begnazar BEGNAZAROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.