logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Culture /Paýhasa eýlenen setirleriň waspy
  12.01.2024
631
Paýhasa eýlenen setirleriň waspy

Mizemez şan-şöhrata eýe mukaddes türkmen topragy Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Möwlana Jelalleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe beýik filosoflary, akyldar şahyrlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim-paýhasy ynsanyýetiň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy hem şolaryň hatarynda edebiýat, pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldar şahyrdyr.

 

 

Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we soňraky ösüşine esas bolan belent duýgulara baý goşgulary döreden şahyrdyr. Türkmen şygryýeti hem edil Gündogar şygryýeti ýaly özboluşly şygryýetdir. Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesi bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda has-da belende galýar. Diňe bir türkmen halky däl dünýä halklary hem Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýarlar. Eýýäm üç asyr wagt bäri gymmatyny ýitirmän gelýän paýhasa eýlenen şygyrlar bolsa ynsana diňe bir ruhy iýmit bolman, kalplara ylham eçilýän çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy bolsa  Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserleriň iň naýbaşysydyr. 

 

 

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dürli temalardan ybarat bolan köp sanly şygyrlardan ybaratdyr. Döredijilik işine ýaşlygyndan başlan Magtymguly goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Ol goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary adamkärçilige, belent ahlaklylyga çagyrypdyr. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky-liriki, dostluk baradaky gymmatly pikirleri öňe sürýär. Şahyr döwürdeşleriniň dünýägaraýyşlaryny, ruhy gözleglerini çeper söz arkaly bir gez beýgeldýär. Şol sebäpli onuň goşgulary häli-häzire çenli türkmen halkynyň kalbynda ebedi orun alyp gelýär. Şeýle başlangyçlardan ugur alan Gahryman Arkadagymyz hem täze eserinde “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda beýik şahyryň öňe süren  pikirlerini goldaýar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar raýatlaryna watansöýüjiligi, belent ahlaklylygy, adamkärçiligi wagyz edýär.

 

 

Maksat MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.