Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Team Belgium Global Gateway” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Sagdyn nesil üçin dowamly alada edilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda geçen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Milli bahar baýramyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi ✦ ✦ IV Açyk halkara internet olimpiadasyna dürli ýurtlardan 665 talyp gatnaşdy ✦ ✦ Milli terbiýe we ene diliniň gymmaty ✦ ✦ Nowruz hakynda yrymlar ✦ ✦ TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy ✦ ✦ Nowruz baýramçylygynyň taryhy ✦ ✦ Türkmenistan - Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­ginde 26 me­dal ga­za­ndy! ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşigi
  09.03.2025
1971
«Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly UNESCO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli

«Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINI

Türkmenistan ýurdumyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri aýratyn hem bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan UNESCO bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bu hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly UNESCO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

 

Bäsleşigiň maksady

«2025 ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini we onuň medeni gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek hem-de zehinli, çeper döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek.

 

Umumy düzgünler

1.1. Bäsleşige UNESCO kafedralarynyň we klublarynyň  döredijilik bilen gyzyklanýan agzalary we talyp ýaşlar gatnaşyp biler.

1.2. Bäsleşige hödürlenjek wideoýazgylar dürli dillerde bolup biler.

 

Bäsleşigiň şertleri

2.1. Wideoýazgylarda Nowruz baýramynyň taryhy we onuň bellenilişiniň däp-dessurlary wasp edilmelidir.

2.2. Wideo formaty:

- Dowamlylygy: 2-5 minut;

- Saz ýa-da sesli düşündiriş bilen bezelmeli;

- MP4 formatynda (1920 we 1080) bolmaly.

 

 

 

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi

  1.  Wideoýazgy awtoryň familiýasy we ady ýazylan görnüşinde cultureofpeaceunesco@gmail.com salgysyna ugradylmaly.
  2. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.

 

Döredijilik bäsleşiginiň bahalandyrma ölçegleri

- Wideoýazgylarda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň halklaryň arasyndaky dostlugy, agzybirligi we parahatçylygy berkitmek ýaly ýörelgeleriniň beýan edilmegi;

- Döredijilikli, täzeçil garaýyşlaryň özboluşly we çeper ýagdaýda şekillendirilmegi;

- Wideolaryň tehniki hil, şekil taýdan özüne çekijiligi;

- Sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlaryň wideomontaž we sungat ussatlygynyň ýokarlylygy.

 

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

5.1. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň halypa diplomatlaryndan we KHBS wekillerinden düzüler.

5.2. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan agzalaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

5.3.  Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.

5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler boýunça hormat hatlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

5.5. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar we bäsleşige tabşyryljak wideoýazgylar cultureofpeaceunesco@gmail.com elektron salgysy arkaly 2025-nji ýylyň 20-nji martynda sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: Aýgözel Öwezowa  +99362071848

                                                 Jemile Pürjäýewa    +99365671253

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi