logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Özbegistan ýurdumyza 163 tonna alma eksport etdi
  02.11.2022
699
Özbegistan ýurdumyza 163 tonna alma eksport etdi

Özbegistanyň statistika baradaky Döwlet komitetiniň habaryna görä, şy ýylyň 9 aýynda Türkmenistana 163 tonna alma eksport etdi. Şeýle hem, Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi 7 ýurda 18,3 müň tonna alma eksport etdi. Almanyň eksporty 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 müň tonna artdy diýlip, habarda aýdylýar.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň 9 aýynda iň köp alma eksport eden ýurtlarynyň hatarynda Türkmenistan hem bolmak bilen, eksportyň möçberi 163 tonna barabardyr. Mundan başga-da, Özbegistan Gazagystana 12,6 müň tonna, Russiýa 4,1 müň tonna, şeýle hem Gyrgyzystana 1,4 müň tonna alma eksport etdi.