logo

Latest news:
✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦
Home / Nature /Owadan bezeg ösümligi
  03.06.2023
1153
Owadan bezeg ösümligi

Nolina palmasy –  Köpýyllyk gök öwüsýän agaçlara degişli bolup, Asparagus urugynyň bir bölegi hasaplanýar. Owadan bezeg palmasy tebigy şertlerde Meksikanyň günortasynda, Amerikanyň günorta sebitlerinde ösýär.

Nolina palmasynyň ýogyndan inçelip gidýän baldagy we baldagynyň depesinde bolsa çogdamlanan  ýaprajyklary ýerleşýär. Tebigy mekanynda nolina haýal ösýär we beýikligi 10 metre çenli ýetýär. Bu agaç diňe 15 ýaşa ýetenden soň gülleýär. Palma agajynyň botaniki adyndan başga-da birnäçe öý şertlerinde aýdylýan atlary bar. Ol goýulýan atlar esasan ösümligiň daşky şekili bilen baglanyşyklydyr. Magistralyň görnüşine görä nolina «Piliň aýagy» ýa-da «Çüýşe agajy» diýlip hem atlandyrylýar. Bu owadan palma agajy  öýde saklamak üçin  amatly bezeg ösümligi hökmünde üstünlikli ösdürilýär. Öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän palmanyň baldagynyň uzynlygy 1,5-2 metrde çäklenýär we ol bu ýagdaýda  güllemeýär.

Nolina - gurakçylyga çydamly ösümlik. Ony ösdürip ýetişdirmek üçin amatly temperatura – tomus aýlary +20 gradus , gyş aýlary bolsa +13 gradusdan pes bolmaly däldir. Gurşawyň çyglylygy nolina üçin 50% bolsa ýeterlik hasaplanýar. Nolina artykmaç suw berilmegi onuň kökleriniň çüýremegine getirýär. Bu agaç köpelişini tohum bilen dowam edýär. Nolinany öý şertlerinde ösdürmek  ýönekeý hasaplanýar. Suwaryş işlerini kadaly ýagdaýda ýerine ýetirmek, ýagtylyk we ýylylygyny kadaly ýagdaýda saklamak ol üçin ýeterlikdir. Şeýle şertlerde ösdürilende nolinanyň howany arassalamak ukyby has-da ýokarlanýar.

Palmany öý şertlerinde ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite gül satylýan dükanlarda palma üçin toprak garyndylary satylýar. Ony ösdürip ýetişdirmekde gaplaryň hem möhüm ähmiýeti bar, ýagny, gaplar nolinanyň ölçegine görä saýlanyp alynýar. 

 

Eset ÖWLÝAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.