logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Otluçöp gutusynyň ululygyndaky telewizor
  26.11.2022
1104
Otluçöp gutusynyň ululygyndaky telewizor

Häzirki tehnologiýalaryň giňden ösýän döwründe her bir öndüriji uly göwrümli taslamalary amala aşyrmagyň gözleginde. Emma Ogaýoly höwesjeň hünärmenler topary tersine kiçi telewizory döretdiler. Bu kiçijik enjam USB kabeli bilen enjamlaşdyrylan bolup, onuň daşky göwrümi otluçöp gutujygynyň ölçegi bilen barabar bolmagy haýran galdyryjydyr. Ulanyjy onuň kömegi bilen kompýuterden enjama wideo şekilleri ýükläp biler. Telewizora gözegçilik barada aýdylanda bolsa, bu ýagdaý ýörite uzakdan dolandyrmak arkaly amala aşyrylýar. Enjamyň bary-ýogy üç sany düwmesi bar, olaryň biri güýç üçin, ikinjisi ses üçin, beýlekisi bolsa kanala geçmek üçin niýetlenen. Telewizor displeýi 64x64 piksel durulykda, «OLED» tehnologiýasy arkaly ýasalandyr. Enjamyň özünde gurlan 50 mAh akkumulýator we 8 GB içki ýady bar. Enjamy döredijileriň pikiriçe, kiçijik enjam 40 sagatlyk wideo şekilleri göçürip almaga ukyplydyr. Häzirlikçe enjamyň iki hili görnüşi, ýagny gara reňkli we aýna şekilli görnüşi öndürildi. 

 

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.