logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Ösüş hem özgerişler bilen kuwwatlanýan ulgam
  26.04.2023
1002
Ösüş hem özgerişler bilen kuwwatlanýan ulgam

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň rowaçly günlerinde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyzda ähli beýleki ugurlar bilen birlikde ulag-kommunikasiýa ulgamyny batly depginde ösdürmekde netijeli işler amal edilýär. Ösen ulag infrastrukturasyny, aragatnaşygyň iň täze serişdelerini özünde jemleýän bu ulgam şanly ösüşleri bilen barha kuwwatlanýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň awtoulag, demir ýollaryny, derýa, deňiz, howa ýollaryny döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurlary infrastrukturalaýyn esasda ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän iri taslamalar ýurt ösüşine goşant bolup hyzmat edýär. Diýarymyzda multimodal ulag geçelgelerini döretmäge, şonuň netijesinde Türkmenistan Watanymyzy sebitde we tutuş dünýä ýüzünde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy häzirki zaman aragatnaşyk kommunikasiýasynyň soňky gazananlarynyň biri, kämil guraly hökmünde çykyş edýär. Bu ösen ulgam pudagyň degişli düzümleriniň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berýän möhüm serişdedir. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna we serişde gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Ulgamyň netijeli ösüşini gazanmak ugrunda aýry-aýry welaýatlaryň mümkinçiliklerini seljermegiň netijesinde ilatyň ähli toparlaryna deň we mynasyp durmuş derejesini üpjün edýän serişdelere elýeterlilik kepillendirilýär. Şeýle hem  pudaga häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň, kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy aragatnaşygy işjeň ýagdaýda saklamaga we ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyna şert döredýär.

Pudagyň ösüşiniň durmuş üpjünçiliginiň ösüşi bilen baglanyşdyrylmagy bolsa rowaçlygyň we baky bagtyýarlygyň kepilidir. Bu bolsa belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga, döwletliligimizi berkitmäge, täze sepgitlere ýetmäge badalga berýän özgertmeleriň binýadyny emele getirýär. Bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmek ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirmek hökmany şert bolup durýar. Çünki munuň özi durnukly ösüşi gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny pugatalandyrmaga itergi berýär.

Umuman, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda pudakda öňde durýan anyk wezipeleriň kesgitlenilmegi we üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek boýunça ýola goýulýan başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar. 

 

Muhammetmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.