logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ösen ykdysadyýet – bagtyýar durmuşyň binýady
  12.05.2023
979
Ösen ykdysadyýet – bagtyýar durmuşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen öňe sürülýän döwlet syýasatynyň netijesinde ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan asylly işler ýurdumyzyň hem jemgyýetimiziň ösüşinde oňyn miwesini eçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amal edilýän çäreler ata Watanymyzyň gülläp ösüşine, abadan hem bagtyýar durmuşyň hatyrasyna irginsiz zähmet çekýän halkymyzda, kämil bilim alýan bagtyýar ýaş nesillerimizde uly buýsanç hem guwanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ösüşiň röwşen ýoly bilen öňe ilerlemek öňde goýlan belent maksatlaryň esasyny düzýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipelere laýyklykda jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler uly ruhubelentlige besleýär, ýetilýän batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny, rowaçlygyny älem-jahana äşgär edýär. Bu wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi täze özgertmeleri geçirmekde, döwlet maksatnamalaryny, iri taslamalary alyp barmakda, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze belent sepgitlere ýol açýar. Şäherleriň, etrap merkezleriniň, hatda çetki obalaryň hem binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, olarda ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş merkezleri, medeniýet öýleri, sport toplumlary we beýleki desgalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ylmyň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak alnyp barylýar. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri barha ýokarlanýar, netijede döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik açylýar.

 

Bagtyýar döwürde halal zähmet çekmäge, kämil derejede ylym-bilim almaga, hünärli bolmaga giň gerimli şertleriň döredilýän zamanasy, beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyz mähriban halkymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Gülstan MÄTNIÝAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.