logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Science and Education /Orta mekdepleriň XI — XII synplarynda hünär ugurly dersleriň 60-a golaýy okadylar
  30.08.2023
1119
Orta mekdepleriň XI — XII synplarynda hünär ugurly dersleriň 60-a golaýy okadylar

Täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň XI — XII synplarynda hünär ugurly dersleriň 60 golaýy okadylar.

 


Täze, 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň guwandyryjy wakalarynyň biri-de, orta mekdepleriň XI — XII synplarynda hünär ugurly dersleriň okadylyp başlanmagydyr.

 

Durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýerli häkimlikler bilen ylalaşyp, umumybilim edaralarynda XI — XII synplaryň okuwçylaryna öwrediljek hünärleriň sanawy taýýarlandy. Ol sanawyň 60-a golaý dürli hünärleri özünde jemleýändigini bellemek gerek. Olaryň ählisi-de ýurdumyzyň halk hojalygy, ýaşlaryň hünärleri ele almaklary, olaryň başarnyklaryny ösdürmek üçin zerur hünärlerdir.