logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Öňdebaryjy usullar – bol hasylyň girewi”
  11.05.2022
1059
“Öňdebaryjy usullar – bol hasylyň girewi”

Ýurdumyzda tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän işlere Tejen etrabynyň daýhanlarydyr, hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşant goşýar. Tejen etrabynyň daýhanlary hem şu ýylda jemi 2033 gektar meýdana ýazlyk gök we bakja ekinleri ekip, Döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen häzirki wagtda ýeralma, pomidor, hyýar, sogan, kelem, käşir ýaly görnüşlerine ideg etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Zähmetsöýer daýhanlarymyz bol hasyl ýetişdirmek işinde suw serişdelerinden netijeli we tygşytly peýdalanýarlar. Giň gözýetime uzalyp gidýän ekinleriň hataryny synlanyňda, bur ýerde ene toprakda ýetişdirilýän bol hasylyň kemala getirilendigine göz ýetirýärsiň. Berekedini bolluk bilen eçilen ekerançylyk meýdanlarynda şu günler hasyly ýygnamak işi dowam edýär. Daýhanlar ýygnalýan ekinleri ak bazarlaryň üsti bilen ilata ýetirýärler. Olar geljekde bölünip berlen ýerleri doly özleşdirmegiň hasabyna ekinleriň görnüşlerini we önümleriň möçberini artdyrmaklygy maksat edinýärler. Döwletimiziň daýhanlara berýän goldaw-hemaýatlaryny, ýeňilliklerini her ädimde duýýan etrabyň gök ekerançylarynyň tutanýerli zähmetiniň miweleri saçaklara bereket bolup dolar.