logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Okuwyň usulyýetini berkitmäge täzeçe çemeleşeliň!
  29.04.2023
1230
Okuwyň usulyýetini berkitmäge täzeçe çemeleşeliň!

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» merdana halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy, bolelin ýaşaýşyň üpjün edilmegi bilim terbiýe işleri bilen bagly bolýar.

Bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikleriň netijeleri döwletimiziň durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmaga, ylym-bilim, sanly tehnologiýalar ulgamlarynyň döwrebaplygyny gazanmaga hyzmat edýär.

Okuw sapaklarynda bilime teşne ýaş nesliň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, meýilleşdirilen okuw materiallaryny, geçilýän temany düýpli öwretmek, sapaklaryň maksadyna ýetmegini, usuly taýdan dogry guralmagyny gazanmak mugallymlaryň ýagny biziň esasy wezipämizdir. Bu işlere orta mekdeplerde çagalar heniz başlangyç synplarda başlamak we alyp barmak zerurdyr. Has takygy sapagyň netijeliligini gazanmak üçin, ilkinji nobatda onuň peýdalydygyny düşündirmeli. Bu bolsa okuwçylarda okuwa bolan höwesi has-da artdyrýar. Pedagogik işgärleriň 2022-2023-nji okuw ýylynyň usuly-amaly okuwlarynda eden çykyşlarynda hem esasy ugry alynmaly ýörelgeleriň üstünde durup geçdiler.

Okuw işlerinde netijeli, amatly usullary işläp düzmekde, sapagy ülňüleşdirmekde, ülňüleri ýerine ýetirmekde mugallymlaryň kämilleşýändikleri usuly-amaly okuw maslahatlarynda aýdyň görünýär. Geçilýän okuwlarda diňleýjiniň (körpäniň, okuwçynyň, talybyň) sapaga gatnaşyjysy hökmünde sapagy gurnaýjy mugallym öz sapagynyň has täsirli, gyzykly geçmäge çemeleşmeli.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» orta we uzak möhletleýin döwürde bilimi ösdürmegiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýär. Bu döwlet resminamasynda öňde goýlan wezipelere laýyklykda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde degişli döwür üçin alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşy, nesilleriň aýgytly ädimler bilen öňe gitmegi üçin durmuşa geçirýän beýik işleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Biz hem bilim ulgamynyň hünärmenleri bolmak bilen jan aýaman zähmet çekeris. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Mähri GURDOWA,

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta 
mekdebiň başlangyç 
synp mugallymy.