logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalyk - ykdysadyýetiň möhüm pudagy
  10.03.2024
740
Oba hojalyk - ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Bereketli bahar paslynyň zemine aralaşmagy bilen oba hojalyk pudagynda gujurly daýhanlaryň hysyrdylary has-da artyp başlaýar. Ýerlerden bol hasyl almak ugrunda köp sanly tehniki işler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň esasylarynyň biri-de şor meýdanlary özleşdirmek bolup durýar. Ýeriň melioratiw ýagdaýy hasyllylyga uly täsir edýär. Ekinlere zyýanly bolan duzlaryň toprakdaky möçberini azaltmaklygyň netijeli usuly hem ýuwuş suwuny yzygiderli geçirmekden ybaratdyr. Bu çäreler noýabr aýynyň ortalaryndan başlap, mart aýynyň aýagyna çenli dowam edýär. Ýuwuş suwy topragyň has şorlaşan ýerinden başlap, onda esasy üns berilýän zat ýerasty suwuň ýerleşýän derejesi bolup durýar.

 

 

Degişli işler alnyp barlandan soňra onuň netijeliligini barlamaklyk üçin ýeriň düzümindäki duzlaryň kesgitlenen ölçeg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, ýerasty suwuň derejesine we duzlulygyna gözegçiligi wagtly wagtynda alyp barmak zerurdyr.

 

 

Ýuwuş suwlary bilen işlen ýerleri tiz wagtyň içinde özleşdirmeli. Ol ýerlerde duza çydamly ekinleri ekmeli we toprak gaýtadan şorlaşmaz ýaly suwaryşyň ýuwuş düzgünini doly berjaý etmeli. Türkmen daýhanlarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde diýarymyzda hasyla baý ýerleriň özleşdirilmesi barha giň gerime eýe bolýar.

 

 

Sona GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň Ýer ulanylyşy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.