Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEK – BOLELIN ÝAŞAÝŞYÑ GÖZBAŞY
  09.05.2022
1068
OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEK – BOLELIN ÝAŞAÝŞYÑ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz barha ösýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy has-da arşa galýar. Berkararlygyň binýadynda, bagtyýar zamanamyzyň goýnunda türkmen halkymyz abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşaýar. Ýurdy ösdürmegiň esasy görkezijisi bolan ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaryň, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň depginli ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz täze keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns berýär. Çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan möhüm sütündir. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna, toplumyň senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dürli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär.

Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çärelere uly orun degişlidir. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilýär. Hormatly Prezidentimiz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygy babatda möhüm kararlary kabul edýär.

Oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribäniň öwrenilmegi hem-de birleşdirilmegi möhüm ýagdaýdyr. Şeýle hem täze ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin, dünýäniň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde bilelikdäki bilim maksatnamalary durmuşa geçirilýär, bu işe biziň ylmy merkezlerimiz we ýokary okuw mekdeplerimiz hem çekilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr. Alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmagyň wajyp wezipedigi üns merkezinde saklanylýar.

Şeýle tutumly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bagtyýarlyga besleýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Jeren GALANDAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy.