logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Oba hojalygy – abadançylygynyň ygtybarly binýady
  29.10.2022
1079
Oba hojalygy – abadançylygynyň ygtybarly binýady

Oba hojalyk pudagy halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda oba hojalygyny ösen kuwwatly, innowasion tehnologiýaly pudaga öwürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny yzygider nygtaýar. Bu gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär. Bu ugurda kabul edilýän maksatnamalaýyn işler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen doly üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmak arkaly hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr.

Döwletimizde daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny almaklyga hem doly mümkinçilik alýarlar. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýörite şertler döredilýär. Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar.

Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Oba hojalygynda gazanylýan ajaýyp netijeler, oňyn başlangyçlar eziz ýurdumyzyň bedew batly okgunly ösüşlerine saldamly goşantdyr. Ata Watanymyz Türkmenistanyň şeýle ösüş-özgerişleri, ýetýän belent ýeňişleri her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz buýsanjy goşalandyrýar!

 

Serdar SOPYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.