logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Interesting / “Nikola” şereketi elektrikli ýük awtoulaglaryny öndürip başlaýar
  27.03.2022
1337
 “Nikola” şereketi elektrikli ýük awtoulaglaryny öndürip başlaýar

Soňky ýyllarda elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň ep-esli artmagy bilen, köp markalar öz elektrikli awtoulaglaryny öndürmäge başladylar. Şeýle markalaryň biri 2014-nji ýylda esaslandyrylan ABŞ-nyň “Nikola” kompaniýasydyr. Döredileli bäri hiç hili awtoulag satmadyk kompaniýanyň bazar bahasy, 117 ýyllap “Ford” we “Fiat Chrysler”-den öňe geçip, 26 milliard dollara ýetdi.

Elektrikli awtoulag öndürijisi “Nikola” ýakynda ilkinji doly elektrikli awtoulag modeliniň önümçiligine başlandygyny habar berdi. “Nikola” şereketiniň beren beýanyna görä, “Tre BEV” atly elektrikli ýük awtoulag modeliniň önümçiligi başlandy. Bu ulaglar ikinji çärýekde müşderilere ýetiriler.

Bu bildirişden soň “Nikola” şereketiniň paýlary 4 göterim ýokarlandy. Esasan gysga ýollar üçin niýetlenen bu ulagyň geçip biljek aralygy 563 kilometre barabardyr. Batareýa kuwwaty 753 kWt bolan bu awtoulag 645 at güýjüne eýe bolar.

Ulag 240 kWt zarýad beriji enjam bilen 120 minutda 10 göterimden 80 göterime çenli zarýad alyp bilýär. “Nikola”-nyň ýylda 300 bilen 500 aralygyndaky önümçilik meýilnamasy 2023-nji ýyldan hasam artar.

Ýakup AKMÄMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.