“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyz Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu günki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygygyny toýlaýarys. Şeýle şanly baýramlarymyz, şanly toýlarymyz belentden dabaralanýar. Ynha toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki döwrümizde Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenip geçildi. Täze okuw ýylynyň başlanýan güni Hormatly Prezidentimiz bize täze bagtyýarlygy peşgeş etdi. Has takygy, Hormatly Prezidentimiz talyplar we okuwçylar bilen duşuşygynda umumy okuw sapagyny geçirdi, ylmy nukdaýnazaryny beýan etdi.
Bu sapakda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, bilim standartlarynyň ähmiýetine üns berildi. Şeýle-de, bu umumy sapagyň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” ileri tutulýan, bilim bermegiň täzeçil ylmy usulyýetini ýokary derejede ulanmak bilen geçirilendigini bellemelidiris.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.
Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de baý ruhy mirasyny düýpli öwrenmek, olary gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dürli döwürlerde Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşine uly goşant goşan meşhur ildeşlerimize belent sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.
Mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Ir bilen täze mekdebiň ýanynda baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Ýygnananlar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar milli Liderimize ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watançylyk ruhuna hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaşlaryň kemala gelmegi barada edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Umuman, Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep milli Liderimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan täze bilim syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle hem baýramçylyk gününde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy. Şu baýramçylyk güni täze mekdepleriň okuwçylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň adyna ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw edýäris.