logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Nah ýüplükleriň öndürilişi barha artýar!
  30.05.2023
990
Nah ýüplükleriň öndürilişi barha artýar!

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýän pagta süýümi gaýtadan işlenilip, ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha artdyrylýar.

Fabrikde şu ýylyň geçen dört aýlyk iş meýilnamasy hem üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi ýokary bolan nah ýüplükleriň 991 tonnasy, ýagny, 16 million 679 müň 770 manatlygy öndürildi. Taýýar önümleriň aglabasy Russiýa, Türkiýe, Polşa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlara eksport edilýär.