logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Nah ýüplügiň 2 müň 139 tonnadan gowragy öndürildi
  08.04.2023
964
Nah ýüplügiň 2 müň 139 tonnadan gowragy öndürildi

Türkmenabat pagta egriji fabriginde nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ölçeglerdäki görnüşlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Fabrikde şu ýylyň üç aýynda ýokary hilli nah ýüplügiň 2 müň 139 tonnadan gowragy öndürilip, üç aýlyk iş meýilnamasy 117 göterim berjaý edildi. Şol döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 41 million 590 müň manatlyga deň boldy.

Şeýle hem fabrikde ýylyň üç aýynda taýýar önümleriň 25 million 674 müň manatlygy, ýagny, 1 müň 306 tonnasy ýerlenildi. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu dokma kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy zähmet çekýär.