logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Mynajat
  07.03.2024
1009
Mynajat

8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly-mübärek bolsun! Mähriban enelerimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, ruhlary belent, görjekleri diňe gowulyk bolsun! Dünýe dursun, bizi dünýä indiren mähriban enelerimiz dursun!

 

 

Ejiz guluň dileg edýär ýalbaryp,
Jan käbäme saglyk bergin Hudaýym!
Dogamy kabul et, arşa galdyryp,
Jan käbäme ömür bergin Hudaýym!

 


Bar zady ýaradan gudratly Huda,
Seniň gudratyňa mätäç men juda,
Dilegmi goýmawer bu gün bihuda,
Jan Käbäme saglyk bergin Hudaýym!

 


Juma agşam, bu mübärek gijede,
Rehim eýle, rehmiň çowsun bijede,
Ýalbarýaryn, gözýaş goýman didede,
Jan käbäme ömür bergin Hudaýym.

 


Ejemjanyň halyn eşdip aglaýan,
Gynanjymdan ýürek bagrym daglaýan,
Kadyr Allam Saňa umyt baglaýan,
Jan käbäme saglyk bergin Hudaýym!

 


Derdim bilen, eje derdin bilmedim,
Agyr halda neçüýn gözne ilmedim,
Zikir etmeden başga alaç bilmedim,
Jan Käbäme ömür bergin Hudaýym!