logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Moskwada Halkara azyk önümleri sergisi geçirildi
  23.02.2023
1013
Moskwada Halkara azyk önümleri sergisi geçirildi

Golaýda, «ProdEkspo 2023» ady bilen Russiýanyň paýtagty Moskwada Halkara azyk önümleri sergisi geçirildi. Gündogar Ýewropa boýunça degişli ugurda iň uly hasaplanylýan bu sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar.

Halkara sergä jemi 35 ýurduň 2 müňden gowrak konditer ugurly kärhanalary öz önümlerini hödürlediler. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy we telekeçi Amandursun Begjanowanyň ýolbaşçylyk edýän «Balam» haryt nyşanly konditer kärhanasynyň önümleri uly seslenmä eýe bolup, kärhanalaryň önümçiligi babatda işleşmek üçin şertnamalar baglaşyldy.

«ProdEkspo 2023» halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen 30-njy Halkara azyk önümleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça «Altyn Ýunus» kompaniýasynyň «Glory» haryt nyşanly plitka şokoladlary we çagalaryň söýgüli önümi bolan «Well» şekersiz sakgyçlary altyn medallaryň 2-sini eýeledi. «Glory» şokoladlary hususy kärhana tarapyndan geçen ýylyň noýabrynda öndürilip başlandy we onuň süýtli, gara, maňyzly, ýertudana huruşly, çernika tagamly görnüşleri bardyr.

Mundan başga-da, şol bäsleşikde «Balam» haryt nyşanly konditer kärhanasynyň künjüli «Grilýaž», «Ýürek» hem-de şokolad tagamly «Balam», «Ýürek» gatlakly kökeleri, umumylykda, altyn medallaryň 4-sini eýelemegi başardy. Bular diňe bir «Altyn Ýunusdyr», «Balamyň» halkara üstünligi bolman, eýsem, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň eksport kuwwatly we ýokary hilli önümleri ýokary depginde öndürýändigini we bu babatda oňyn tejribe toplandygyny görkezýär. 

 

Mekan DERÝAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.