Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýetiň möhüm ugruny ösdürmek ugrunda
  06.06.2023
768
Milli ykdysadyýetiň möhüm ugruny ösdürmek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar. Toplumyň ösüş depgini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, bu ugurda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär. Elektrik energetikasy ulgamy milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagy bolmak bilen, ýurduň beýleki düzümleriniň hem hereket etmegini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, energetika ulgamynyň uly artykmaçlyga eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz energetika senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça ýyl-ýyldan yzygiderli çäreler durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň doly güýjünde bökdençsiz işledilmegine üns berilýär. Täze önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we olaryň ekologik taýdan arassalygy halkara ülňüsine doly laýyk gelýär. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda ýurdumyzyň elektroenergetika strategiýasyna bu ulgamda amala aşyrylýan milli maksatnamalara, netijeli iri taslamalara hem-de olaryň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna edýän oňyn täsiri beýan edilýär. Ýurdumyzyň kuwwatly elektroenergetikasynyň kemala gelmegini gazanmak, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelere aýratyn üns berilýär. Şeýle-de häzirki wagtda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhümdigine üns ýokarlanýar. Gurulýan döwrebap obalary, şäherçeleri we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Bularyň ählisi «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ylmyň ösüşine innowasion häsiýetiň berilmegine uly üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işleri mydama rowaç bolsun! 

 

Samandar SALIMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.