Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli durmuş, senagat ugurly syýasaty meýilleşdirmek esasynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barha rowaçlanýar, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işler ýola goýulýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere uly üns berilmek bilen, bu ugurda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň raýatlary üçin häzirki zaman, hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar, şol sanda ýokary amatlykly öýleriň sany we olaryň kaşaň binalar toplumlary diýarymyzyň görküne görk goşýar. Şäherçeleri we obalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, oba ýaşaýjylarynyň durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde ýaşaýan raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň berilýändigini bellemek möhümdir. Şeýle köpugurly ykdysady mümkinçilikleri bilen şertlendirilen Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär, bu syýasat milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatlaýyn işler geçirilýär, makroykdysady kadalaşdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklarynyň häzirki zaman usullary ornaşdyrylýar, ägirt uly düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär we kämilleşdirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär, bu bolsa pudaklaryň aglaba böleginiň bäsdeşlige ukyplylygyny saklap galmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu çäreleriň ählisi milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirmek bilen, durnukly ösüşi üpjün edýär. Hususy pudakda amala aşyrylýan işler senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, ýurdumyzyň telekeçiliginiň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär, munuň özi raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan şertlerinde eksport kuwwatyny höweslendirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlaryny işläp taýýarlamak wajyp wezipe bolup durýar. Bu babatda eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge ýardam edýän iri taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bularyň hatarynda halkara tejribesini hem-de bazar ykdysadyýetiniň kanunlaryny öwrenmek we işjeň peýdalanmak we dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan ykdysady strategiýasynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we onuň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açmak bilen, bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň ýolunda täze-täze üstünlikleri bagyşlaýar.
Amangeldi AGAJANOW,
Ruhubelent etrabynyň 11-nji orta
mekdebiniň mugallymy,
TKA-nyň işjeň agzasy.