logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli mirasa bagyşlandy
  13.10.2020
863
Milli mirasa bagyşlandy

     Welaýat merkezindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Milli mirasyň gözbaşy” ady bilen sergi-dabara geçirildi. Milli mirasy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek,  ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini açyp görkezmek, ýaş nesilleri köpasyrlyk däplerimizi öwretmek hem-de şonuň esasynda terbiýelemek maksady bilen geçirilen sergi-dabara welaýatyň dürli ýerlerinden zenanlar gatnaşdy.

       Welaýat häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen sergi-dabara gatnaşyjylar medeni mirasymyza degişli bolan keçeden, keçe önümlerinden, keçe ýerine ýetirilýän  gurallardan, şaý-seplerden, keşdelerden, don, çabyt, kürte, keteni, gyňaç ýaly lybaslardan, dutar, gopuz ýaly saz gurallardan guralan sergi bilen tanyşdylar. Çeper elli zenanlar el işlerini ýerine ýetirmek bilen, olaryň ähmiýeti barada ol ýere ýygnanan ýaşlara gürrüň berdiler. Sergi-dabaranyň dowamynda zenanlaryň läle, hüwdi, monjugatdy, ýar-ýar, ýarawjan  ýaly heňleri ýerine ýetirmegi  onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy.