logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek - jemgyýetimiziň esasy binýaty
  13.03.2024
668
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek - jemgyýetimiziň esasy binýaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegi, bu pudaga täze mümkinçilikleriň üstünlikli ornaşdyrylmagy öz oňyn netijeleri bilen guwandyrýar. Häzirki wagtda bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar, ukyply ýaşlar döwrebap bilimleri özleşdirenlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar. Bu bolsa kämillige tarap ädilen ädimleri barha batlandyrýar hem-de pugtalandyrýar. Ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinde ýokary bilim alyp, ussatlyga ymtylýarlar.

 

 

Döwrüň talabyna laýyk ösýän ýurdumyzyň bilim ulgamy köptaraplaýyn kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle tagallalar geljegiň ynamdar eýeleri bolan ýaşlaryň bilimiň döwrebap ugurlaryny özleşdirmeklerine giň mümkinçilik bolup durýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmeklik jemgyýetimizide milli we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly, päk ahlakly, sagdyn ruhly nesilleri ýetişdirmekde esasy binýat bolup hyzmat edýär.

 

 

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösüşleriň ýokary derejesine çykarýan, ylymly ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Selbi DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.