logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Mikroblary ýok edip biljek “ýagtylyk” oýlanyp tapyldy
  24.03.2022
1137
Mikroblary ýok edip biljek “ýagtylyk” oýlanyp tapyldy

Gollandiýaly innowasiýa kompaniýasy ýapyk ýerlerde mikroblaryň 98%-ini ýok edip bilýän ultramelewşe şöhläni döredendiklerini habar berdi. Kompaniýa bu oýlap tapyşy “pandemiýanyň gaýtalanmazlygy üçin” öndürendigini aýtdy.

Düýbi Rotterdamda ýerleşýän “Studio Roosegaarde” innowasiýa şereketi “Urban Sun” atly ultramelewşe şöhläni döredendiklerini habar berdi. Gollandiýaly kompaniýa adaty ultramelewşe şöhlesinden düýpgöter tapawutlanýan bu ýagtylygyň mikroblaryň 98% -ini ýok edýändigini mälim etdi. Ýönekeý çyra ýaly görünýän bu yşyk, oturdylan ýerinde 5 minut işlänsoň, şol sebitdäki mikroblary ýok edýär.

“Far-UVC” tehnologiýasyny ulanýan bu yşyk, başda jaýyň içinde döredilipdi. Soňra ýapyk ýerlerde ýygnaklary has ygtybarly geçirmek üçin döredilen ýagtylygyň garaşylýandan has täsirli bolandygy mälim edildi. Gözlegçiler,  öz beýannamalarynda häzirki wagtda açyk howada ulanyp boljak bu ýagtylygyň üstünde işleýändiklerini mälim etdiler.

Taslamanyň üstünde işleýän alymlar bu ýagtylygyň geljekde başga bir wirus sebäpli ýüze çykyp biljek pandemiýa garşy ulanylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.

Altynaý REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.