logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mental arifmetikada türkmen ýaşlarynyň üstünligi
  21.08.2025
407
Mental arifmetikada türkmen ýaşlarynyň üstünligi

Paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» halkara sergisiniň çäklerinde 21-nji awgustda mental arifmetika boýunça bäsleşik guraldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Söwda-senagat edarasy we “Kämil bilim” okuw merkezi tarapyndan guralan bu ýaryşa ýurduň dürli künjeginden 6–14 ýaş aralygyndaky 120-e golaý okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň myhmanlarynyň arasynda dünýä belli zehin türgenleşdirijisi, “Mega Hafyza” guramasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar hem bardy. Okuwçylar Flaş anzan marafony boýunça bäsleşdiler. Netijede, “Kämil bilim” merkeziniň şahamçalary 21 medal gazandylar. Şeýle hem beýleki okuw merkezleriniň wekilleri hem baýraklara mynasyp boldular.

Aýratyn tapawutlanan okuwçylaryň arasynda Mekan Nurgeldiýew, Aly Oraşow we Aýgül Ýusupowa ýaly ýaş zehinler bar.

Türkmenistanyň okuwçylary mental arifmetikanyň üç görnüşi boýunça dünýä rekorduny goýmagy başardylar:

  • Çalt Flaş Anzan: Aly Oraşow 0,3 sekuntda 150 sany iki belgili sany goşup, rekord goýdy.
  • Ýatdan çalt goşmak: Rowaç Begenjow 100 sany bir belgili sany ýatdan dogry goşup, dünýä rekorduna eýe boldy.
  • Ýatdan çalt köpeltmek: Mekan Batyrow 8 belgili sany 8 belgili sana 10 gezek dogry köpeltmek arkaly rekord goýdy.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere hormat hatlary, sowgatlar hem-de dünýä rekorduny tassyklap, MEMORIAD Federasiýasynyň ýörite sertifikatlary gowşuryldy.


Oraz PENJIÝEW.