Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär ✦ ✦ Bütindünýä durnukly ulag güni ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri kämilleşdirilýär ✦ ✦ Körpe nesiller hakda alada ✦ ✦ Bitaraplyk — köňülleriň birligi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy sergä gatnaşarlar ✦ ✦ Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini Hytaýdaky sergilere çagyrýarlar ✦ ✦ Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Arkadag şäheri — gelejegiň şäheri ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Men kärimi söýýärin
  10.11.2023
1929
Men kärimi söýýärin

Bu dünýäde mugallymçylyk karinden has abraýly we mukaddes kär ýokdur. Dogry, her bir kariň öz orny bar, ýöne ähli kärdäki adamlary hem ilkibaşda mugallym terbiýeleýär. Beýik pedagog Ý. Kommenski mugallymçylyk karine şeýle baha berýär: “Ýer ýüzünde Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde iň mukaddes kär mugallymçylykdyr.”

 

 

“Mugallym”, bu sözuň aňyrsynda umman ýaly çuň many ýatýar. Meniň pikirimçe, “mugallym” diymek “tutuş dünýä” diýmegi aňladýar. Sebabi, çaganyň ilkinji gyzyklanmalary, dünýagaraýşy mekdep partasyndan baslanýar we elbetde, bu ýerde esasy orun mugallymlara degişlidir.

 

 

Men mugallym bolmagy çagalygymdan arzuw edipdim. Sebäbi meniň enem we mähriban mamam hem mugallymçylyk käriniň iň ökde eýeleri. Meniň gan damarymda-da mugallymlaryň gany akýandygyna örän buýsanýaryn!

 

 

Ata-enäniň çaga galdyrjak iň uly mirasy bu terbiýedir. Myhmansöýerlilik, mylakatlylyk, güler ýüzlülik, açyk göwünlilik ýaly gyz maşgala öwrediljek iň gowy häsiýetleri men, ýerdäki perişdäm mähriban käbämden öwrendim. Hoşgylykly adam hemişe ynsanlaryň söýgüsini gazanyp biler. Maňa berlen bu gymmatly terbiýe üçin we il-ýurda gerekli ynsan bolup ýetişmegim üçin zähmet çekýän käbäm ejem we kyblam kakama başym ýere degýänçä tagzym edýärin!

 

 

Bagtly asmanda guş deýin uçsam,

Kakýan ganatlarym ejem bolandyr

Bu durmuşda başym dik, ýaşaýan bolsam,

Arkamda dag ýaly kakam durandyr

 

 

Bilim bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, ony almak aňsat iş däl. Alymlar ylym-bilim öwrenmegi iňňe bilen guýy gazmak bilen deňeşdiripdirler. Şeýle bahasyna ýetip bolmajak hazynanyň eýesi bolmakda mugallymyň orny örän ulydyr. Meniň talyplyk bagtyna ýetmek arzuwym hem "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda hasyl boldy. Men iň asylly kärleriň biri bolan mugallymçylyk kärini saýladym. Bu mukaddes käri saýlap alan her bir adam öz karine höwes bilen ýapyşmalydyr we okuwçylarda ylym-bilime bolan söýgini, päk ahlak sypatlaryny, adamkärçiligiň asylly häsiýetlerini terbiýelemelidir. Mugallym ilkinji nobatda okuwça özuni söýdirmegi başarmalydyr, ony ruhlandyrmaly we her gün mekdebe höwes bilen barmagyny gazanmalydyr. Haçan-da mugallym öz kärini yürekden söýüp,halal işlände,ol sözüň hakyky manysyndaky mugallymdyr. "Gün şöhlesiniň düşýän ýerindäki iň ajaýyp kär mugallymçylyk käridir!"

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde duran belent maksatlary durmuşa geçirmekde mugallymlaryň zähmetine möhüm orun degişli bolup, olara uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzda - bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmak we ony täze sepgitlere ýetirmek üçin ähli şertleri döredýän we mugallymlara uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýärin.

 

 

Nazakat ORUNBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky

mugallymçylyk mekdebiniň 1nji ýyl talyby.