logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylary üçin “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly olimpiada geçiriler
  10.02.2025
2441
Mekdep okuwçylary üçin “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly olimpiada geçiriler

Türkmenistanda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň ylyma bolan höwesini goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly III integrirlenen olimpiada geçirilýär.


Bu bilim bäsleşigi 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilip, olaryň logiki pikirlenmek, matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ukyp-başarnyklaryny synagdan geçirmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Olimpiada üç tapgyrdan ybarat bolup, ilki etrap derejede başlanar we döwlet derejesindäki jemleýji tapgyr bilen tamamlanar.


Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri:

Her mekdepden 5 okuwçy gatnaşyp biler.
Okuwçylaryň sanawy 25-nji fewrala çenli oguzzehin@gmail.com elektron salgysyna iberilmelidir.
Birinji tapgyr 10–15-nji mart aralygynda, ikinji tapgyr bolsa 8-nji aprelde geçiriler.
Jemleýji tapgyr Aşgabatda iýun-iýul aýlarynda guralar.


Finalistlere nämeler garaşýar?


Olimpiadanyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar üçin tomus möwsüminde gyzykly çäreler guralar. Olaryň hatarynda:

Sport ýaryşlary
Aşgabat we Arkadag şäherlerine gezelençler
Professorlaryň ýörite sapaklary
Talyp taslamalary bilen tanyşlyk

 


Olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylara:

Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin teklip hatlary berler.

Bu olimpiada diňe bir bäsleşik däl, eýsem, geljekki alymlaryň we innowatorlaryň taýýarlanmagyna uly itergi berýän möhüm bilim çäresi bolup durýar. Bilim hem-de tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlar üçin bu uly mümkinçilikdir!