logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Maşgalada gürrüňdeş bolmagyň psihologiýasy
  11.03.2024
467
Maşgalada gürrüňdeş bolmagyň psihologiýasy

Adamlar jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Olar hemişe biri-biri bilen aragatnaşykda ýaşaýarlar. Şol aragatnaşygyň hemişe sazlaşykda saklanmagy esasan dil, sözleýiş, has ýönekeý manyda aýdanymyzda gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrylýar. Biz başga biri bilen gürleşen mahalymyz hiç bir psihologik täsir barada oýlanmaýarys, emma biziň aýtýan her bir sözümiz gürrüňdeşimizde aýratyn täsir galdyrýar.

 

 

Biz duýmaýan bolup bileris emma iki sany adamyň arasynda bolup geçýän gürrüňdeşligiň hem psihologiýasy bardyr. 

 

 

Gürrüňdeş bolmagyň psihologiýasy maşgalada hem uly rol oýnaýar. Her bir adama onuň maşgalasy galadyr. Ýöne şol galada her kim öz başyna ýaşasa birek-birek bilen içgin gürrüňdaş bolmasa, onuň peýdasy barmyka?
Elbetde maşgalanyň her bir agzasy öz gereklidigini duýmalydyr. Ýekeje ýakymly söz adamyň göwnüni galkyndyryp biler. Mysal üçin siz işden ýadaw geleniňizde ýakynlaryňyz size "Arma, biz seniň geleriňe garaşdyk" diýen badyna siziň ýadawlygyňyz ýatdan çykar. Siz hem öz gezegiňizde gowy söz aýdasyňyz geler.

 

 

Biri bilen gürrüňdeş bolmagyň düzgünleri bilen tanyşmak we endik etmek çagalykdan başlanýar. Ähli babatda bolşy ýaly, çaga köp zady maşgaladan öwrenýär. Şol maşgalada ulular çaý başynda birek – birek bilen mähirli gürrüňdeş bolsalar, bir-birlerini gyzyklandyrýan ýa-da biynjalyk edýän meseleler barada söhbetdeş bolsalar, çaga hem olardan gowy görelde alar, töweregindäkileri diňlemegi, olar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrener.

 

 

Durmuşda duş gelýän kynçylyklara garamazdan, töweregiňizdäkiler bilen mylakatly, mährem gürleşmegi, ýakynlaryňyzyň, dost-ýarlaryňyzyň halyndan habar almagy unutmaň.

 

Jahan Saparowa,
Türkmen döwlet Maliýe 
institutynyň mugallymy.