logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Mary etrap medeniýet öýünde edebi sazly konsert geçirildi
  15.04.2024
737
Mary etrap medeniýet öýünde edebi sazly konsert geçirildi

Ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet öýünde Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylaryndan düzülen edebi sazly konserdi geçirildi. Ussat,  akyldar sahyr Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert okuwçylardan düzülen sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Medeniýet öýüniň sahnasynda akyldaryň sözlerine düzülen kompozitor Nury Halmämmedowyň “Uýat eýleýir”, Çary Nurymowyň “Aýryldym” romanslaryny halypa mugallymlar Hallyýewa Baharyň, Welmyradowa Nargizanyň ýerine ýetirmeginde konsert dowam etdi.

 

Dutarçylardan  düzülen ansamblyň  ýerine  ýetirmeginde  konsert has  hem şowhunly boldy. Magtymgulynyň öwüt-nesihat, Watançylyk  temasyna  degişli doklatlary  bilen saz  nazaryýet  mugallymlary  Galandarowa Ogulgeregiň, Allabaýewa  Şekeriň çykyşlary oturan  tomaşyçylaryň ünsinini has hem  özlerine  çekdi.

 

Konserdiň ahyry okuwçylaryň şahyryň keşbini janlandyrýan kiçirak sahnasy bilen jemlenildi.

 

Ogulgerek GALANDAROWA,
Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
2-nji derejeli saz nazarýeti mugallymy.