Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Maliýe analizi — netijeli dolandyryşyň esasy guraly
  22.12.2025
60
Maliýe analizi — netijeli dolandyryşyň esasy guraly

Häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde ykdysady ösüşiň geljegi sanly innowasiýalara daýanýan, döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmagyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär hem-de ýaşlaryň döwrebap innowasion serişdelerden netijeli peýdalanmagy üçin maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny talap edýär.

 

Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy olaryň maliýe ýagdaýyna we işiniň ahyrky netijelerine seljerme geçirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýle ýagdaýda maliýe analiziniň usullarynyň ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Usulyýet düşünjesi ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň ulgamyny aňladyp, maliýe analiziniň usuly maliýe görkezijilerini toplumlaýyn öwrenmäge, ölçemäge we umumylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligine täsir edýän sebäpleri anyklamaga we baha bermäge mümkinçilik berýär.

 

Maliýe analiziniň esasy maksady edara-kärhanalaryň we guramalaryň maliýe ýagdaýy, maliýe netijeleri hem-de pul serişdeleriniň hereketi barada hasabatdan peýdalanyjylara ykdysady çözgüt kabul etmekde zerur maglumatlary bermekden ybaratdyr.

 

Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda, maliýe analizi üç tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda degişli analiz usuly saýlanyp alynýar. Ikinji tapgyrda maglumatlaryň hiline baha berilýär we maliýe maglumatlarynyň deňeşdirilip bolujylygy üpjün edilýär. Üçünji tapgyrda bolsa başlangyç maglumatlary özgertmek, görkezijileri ulgamlaşdyrmak we düşündirmek üçin standart usullar peýdalanylýar.

 

Maliýe analiziniň ulanylmagy edara-kärhanalaryň maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň netijeliligini aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda jemgyýetiň islegleriniň artmagy, täze wezipeleriň we meýilleriň emele gelmegi bilen maliýe analiziniň usullaryny kämilleşdirmek döwrebap talap bolup durýar. Döwrüň islegine laýyk gelýän analiz usullary işleriň utgaşdyrylmagyna, dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegine hem-de işiň hiline gözegçilik etmäge ýardam edýär.

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsi güýçlendirmek ýaşlaryň bilim derejesiniň we durmuş tejribesiniň baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.

 

Döwrebap sanly innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy halkara tejribeleriň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy kabul edilýän çözgütleriň ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Döwletmyrat AMANNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe
institutynyň 
mugallymy.