Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasynda oba senagat önümçiliginiň diwersifikasiýasy we maldarçylyk pudagynyň girdejililigini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öndürjikli iş alyp barýarlar.
Telekeçilik bileleşiginiň agzalary döwlet tarapyndan bölünip berlen ýerlerde köpugurly maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň gurluşygy bilen birlikde geljegi uly düýedarlygy ösdürmäge-de gatnaşýarlar.
Düýe saklamak - gurak ýerlerde maldarçylyga mahsus ugurdyr. Häzirki wagtda geljegi uly bu pudak berhizlik et, peýdaly çaldyr, agaran we ýüň berýär. Mundan başga-da, düýedarçylyk – ýurduň çöl ýerlerini özleşdirmegiň durnukly çeşmesidir.
Garagumyň öri meýdanlary 35 million gektardan gowrak ýeri tutýar, bu bolsa düýedarçylygy ösdürmek üçin amatly şertdir. Özi hem gadymdan bäri türkmen topragy bilen sazlşaykly ýaşaýan sabyr-kanagatly «çöl gämisi» onuň ekologiýasyna ýaramaz täsir etmeýär. Düýe haýaldan emaý bilen ädimläp, ösümlikleriň uşak böleklerini iýýär, netijede ösümlikler çalt dikelip, agramyny artdyrýar. Bu janawer duzly we ajymtyk-duzly suw bilenem oňňut edýär, uzak wagtlyk suwsuzlyga-da çydamly.
Düýäniň oňup bilýän şeýle şertlerinde beýleki öý haýwanlary oňup bilmeýär. Çydamly düýä ürgün çägelerde hem arkaýyn gezip ýör, ol hiç bir ulagyň geçip bilmeýän ýerinden geçýär, şonuň üçinem ol öri meýdanlarynda çopanyň ýakyn goldawydyr.
Türkmen arwana düýeleri köp süýt berýänligi bilenem tapawutlanýar. Bir inen düýe sagylýan 18 aýynda ýaglylygy 3,5-3,8 % ortaça 2500 litre golaý süýt berýär. Arwan tohumly düýeler iki – günbatar (jebel) we gündogar (sakarçäge) görnüşlere bölünýär. Olaryň birinjisi – ete niýetlenen, olar birneme pesräk, dykyzrak bolýar, ýylboýy örüde saklanmaga uýgunlaşan. Düýeleriň ikinji görnüşi ýokary süýtliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň gatyşdyrylmagy ýokary önümlilikli mal almaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Polat Kanaýew klaster görnüşli düýedarçylyk hojalygyny döretmegi niýet edinýär. Ilkibaşda ol Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ferma döretdi. 140 gektar meýdanda arwana tohumly mallary saklamak üçin öri, şeýle hem düýe süýdünden önüm öndürmek üçin seh guruldy. 2017-nji ýyldan bäri fermerçilik hojalygynda çal we agaran öndürilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamagyň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde PAKKA (Ižewsk, Russiýa Federasiýasy) kompaniýasyndan ýörüteleşdirilen döwrebap enjam satyn alyndy.
Düýedarçylyk hojalygynyň şähere golaý ýerleşmegi ygtybarly iým bilen üpjünçiligi şertlendirýär. Fermerler munuň üçin düýäniň iýýän iými bolan ýandak ýygnaýarlar, ýorunja, sorgonyň bir görnüşi bolan sudan otuny, gallanyň iýmlik sortuny ýetişdirýärler.
Iýmleriň sazlaşygyna we keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Munuň üçin Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa instituty bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, institutyň hünärmenleri maslahat kömegini berýälrer we mallara keseliň öňüni alyş sanjymy geçirýärler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar mekreziniň hünärmenleriniň goldawy bilen gurak düýe süýdüni öndürmek boýunça telekeçilik başlangyjy durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky synaglar gowy netije berdi. Bu önümi taýýarlamak sublimasiýa taýdan guratmak usulyna esaslanýar. Onuň artykmaçlygy, ilkinji nobatda, konserwasiýanyň şu usuly önümiň ýokumlylygyny, peýdaly sypatyny we tagamyny has gowy saklamaga, şeýle hem onuň saklanylyşyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Dünýäniň çagalar iýmiti üçin gurak süýt garyndylaryny öndürijiler hut şu usuldan peýdalanýarlar. Subilamasion usulda guratmak öňünden bellenen sypatlara gabat gelýän ýokary hilli önüm almaga mümkinçilik berýär.
Düýe süýdüniň peýdalydygyny onuň özboluşly düzümi hem subut edýär. Onuň düzüminde D witamini beýleki öý mallarynyň süýdündäkiden 3 esse köpdür. Şeýle hem ol K, A, D, E, B witaminlere baýdyr, onuň düzüminde demir sygyr süýdündäkiden 10 esse kändir. Tebigy antibiotikleriň köp bolmagy netijesinde düýe süýdi jöwzada-da täzeligine uzak saklanyp bilýär.
Et-süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmak telekeçi Polat Kanaýewiň döreden tehnologlardyr marketologlar toparynyň telekeçilik strategiýasynyň esasy ugrudyr. Maldarçylyk fermasynda düýelerden başga-da, gara mallaryň 110-sy saklanylýar. Ýakyn wagtda et we süýt berýän ýokary önümli tohum mallaryň hasabyna önümçiligi giňeltmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda hojalygyň meýdanynda döwrebap maldarçylyk toplumy gurulýar.