logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«Maksat deri» AGPJ - gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä eksport etdi
  27.10.2022
823
«Maksat deri» AGPJ - gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä eksport etdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ownuk hem-de iri şahly mallaryň derilerini işläp, olardan ýokary hilli gön önümlerini öndürýär. Bu ýerde 100-e golaý adam zähmet çekýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerine Italiýa döwletiniň gön önümçiligi üçin niýetlenen iň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylypdyr. Kärhanada işewürleriň yhlasy bilen her aýda ýokary hilli gön önümleriniň 2 million inedördül dessimetri taýýarlanylýar.

Kärhananyň işewür hünärmenleri öz önümleri bilen diňe bir içki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşarky bazarlara-da çykarýarlar. Kärhana «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýe döwletine eksport etdi.